Alymlar adamdaky täze synanyň üstüni açdylar.

Gollandiýanyň Prostat düwnük keselini öwrenýän alymlary synag geçirilen wagtynda, adamyň bokurdagynyň ýokary böleginde tüýkülik dokumalarynyň täze toplumyny tapdylar. Bu synanyň tapylmagy, lukmançylykda düwnük keselini bejermek üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.

Alymlar, bu täze açylan syna “Tubarial” tüýkülik dokumasy» diýip  at berdiler. Bu täze açylan  tüýkülik dokumalary, burnumyzyň we agzymyzyň aňyrsyndaky bokurdak ýollarynyň nemlenmegine jogap berýär.
Alymlar, tötänlikde tapylan bu tüýkülik dokumasynyň, bokurdagymyzdan 3,9 santimetr mikroskopik uzaklykda ýerleşýändigini aýdýarlar. Bu açyşy tassyklamak üçin alymlar 100-den gowrak hassada barlag geçirdiler. Geçirilen barlaglaryň köpüsinden degişli maglumatlar almaklyk başartdy.
Barlaglar Gollandiýanyň düwnük institutynda boldy. Prostat düwnük keselini barlamak üçin BT skaneri, PSMA PET-CT atly pozitron tomografiýa skanerleri ulanyldy. Şu agzalan enjamlarda geçirilen synaglar netijesinde hem täze açyş edildi.

Bu täze açyş düwnük keselini bejermekde we başga-da şuňa meňzeş keselleri bejermekde örän möhümdir. Lukmanlaryň berýän maglumatlaryna görä, barlagda az mukdarda radiýasiýa ulandylar munuň sebäbi bolsa tüýkülik dokumalarynyň zaýalanmagy netijesinde hassanyň ýaşaýyş derejesi gowşaýar.

Häzirki wagta çenli «Tubarial» tüýkülik dokumalarynyň barlygy belli däldi. Mundan öň geçirilen barlaglar bu synanyň barlygy barada oňat netije bermedi.

Aýgül ATAJANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok