Agyz-burun örtügini geýmek koronawirus ýokuşma howpuny 80% azaldýar.

Ýaponiýanyň NHK teleýaýlymynyň habar bermegine görä, haýsy agyz-burun örtügini geýýändigiňize garamazdan we aslynda ýoklugyna baglylykda koronawirusyň ýokuşma howpuny 80% azaltýandygynyň üsti açyldy. Muny tassyklaýan ylmy barlaglar Tokio uniwersitetiniň Medisina institutynda geçirildi.

Geçirilen barlaglar, matadan tikilen agyz-burun örtüginiň 17%, adaty hirurgiki agyz-burun örtüginiň 47% -e çenli, N95 ýaly ýöriteleşdirilen respirator agyz-burun örtüginiň 79%-e çenli azaldýar diýen netijä gelindi. Bu netije birnäçe synaglaryň esasynda tassyklanyldy.

Gözleg toparynyň başlygy, professor Ýosihiro Kawaoka agyz-burun örtüginiň adamlar üçin peýdalydygyna ynanýar, ýöne olara hemişe bil baglamaly däldigini şeýle-de howpsuz araçägi we bellenilen çärelere boýun bolmalydygyny ýatladýar.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok