2021-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanda sportuň meşhur görnüşlerini, şol sanda dünýäde giňden ýaýran we Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen welosiped sportuny ösdürmek boýunça anyk işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Häzirki döwürde dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy.

Bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iri halkara ýaryşlary guramakda toplanan tejribä esaslanyp hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň utgaşykly guramaçylyk işlerini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda» Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklip beýan edildi.

Welosipedçileriň halkara birleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigini 2021-nji ýylyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welotrek boýunça geljek ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly teklipleri oňlap, bu işlere örän çynlakaý girişmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny berkitmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýan häzirki döwründe welosiped sportunyň ähli halkymyz üçin sportuň söýgüli görnüşleriniň birine öwrülmelidigi bellenildi.

Şeýle-de okaň:
Welosport (trek)
Sport – ýaş suratkeşleriň ylham çeşmesi

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok