Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde barha ösüşli ýollar bilen
öňe barýan ýurdumyzda okuw işlerine ylmyň gazananlaryny, milli we
dünýä tejribesini ornaşdyrmak döwlet bilim syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir.
Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynda belleýşi
ýaly, döwletimiziň dünýäniň ykdysady, ylym, bilim, medeni giňişliginde
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça dürli ugurlarda iri
taslamalar amala aşyrylýar. Ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan
berilýän goldawyň çägi giňeldilýär. Durnukly ösüş maksatlaryna
ýetmegiň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň
ösüş aýratynlyklary nazarda tutulyp, “Türkmenistanyň sanly bilim
ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi we işe girizildi, ylym,
bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady
pugtalandyryldy, tehnologik- tejribe üpjünçiligi gowulandyryldy.
Sanly bilim ulgamy ýaşlarmyzyň tehnologik ösüşden yza galmazlygy
üçin, olara döwrebap hünärleri ele almaga, nazary bilimleri
kämilleşdirmäge, amaly endiklerini ýokarlandyrmaga, sanly
tehnologiýalary özleşdirmäge, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy
barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmäge ýardam berýär. Sanly
bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň
çäklerinde iň täze maglumat we kompýuter tehnologiýalaryny,
interaktiw usuly hem-de aragatnaşyk serişdelerini, şol sanda interneti we
internet ulgamyny ulanmak bilen guralýan elektron okuwlaryň gerimi
giňeýär. Ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň
ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen
üpjün etmek sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda
berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we
okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler
onuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýeri gelende, häzirki wagtda internet ulgamyny ulanmak arkaly
guralýan umumy okuwlaryň barha giň gerim alýandygyny belläp
geçmelidiris. Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde
sanly bilim ulgamyny ösdürmek maksady bilen bilim portallary
döredildi. Mugallymlar we talyplar bilim portalyndaky elektron
görnüşde ýerleşdirilen dürli görnüşli maglumatlary diňe bir almak bilen
çäklenmän, eýsem ylmyň pudaklaryna degişli öwrenilýän, özleşdirilýän
materiallara öz garaýyşlarynyň beýanyny ýerleşdirmäge mümkinçilik
tapýarlar. Bilim portalynda okuw sapaklarynyň maslahatlaryň we
forumlaryň beýanyny islendik wagtda alyp, öwrenip bolýandyr.
Milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine, giň dünýägaraýyşly, ata
Watanymyza wepaly, milli ruhly, çuň gözýetimli, ylymly-bilimli ýaşlary
terbiýeläp ýetişdirmäge ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döredýän
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Ösüşiň
ygtybarly binýadyny ösdürmäge badalga beren oňyn özgertmeleri
rowaçlyklara beslensin.
Aýgül Atahanowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby
Teswirler