Samsung telefonlary üçin spam jaňlaryny petiklemek aýratynlygy gelýär.

“Samsung” smartfonlar üçin täze döwür başlaýar. Kompaniýa ýakyn wagtda, öz smartfonlarynda göni spam gözleg süzgüjini hödürlär. 2021-nji ýylda ulanyljak bu aýratynlyk, ilki bilen  androidi pesiräk telefonlarda synag geçiriler soňra bolsa ähli modellerde ulanylar.

Bu Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi “Samsung” kompaniýasynyň ulanyjylaryna gelýän spam jaňlarynyň öňüni almak üçin begendiriji waka boldy. Kompaniýa, spam jaňlarynyň öňüni almak üçin howpsuzlyk taýdan öňdebaryjy şereketler bilen bilelikde işlejekligini habar berdi. Häzirki wagtda ulanyjalara gelýän spam jaňlaryny has gowy gözleg süzgüçleri bilen aradan aýyrmak üçin birnäçe işler geçirilýär. 2021-nji ýyla çenli Samsung telefonyny ulanyjylar, spam jaňlaryndan has gowy goralar.

“Samsung” bu ugurda “Hiya” bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. Iki kompaniýa aralygyndaky hyzmatdaşlyk 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Hiya, Samsung telefonlarynda spam jaňlaryny goramak üçin hakyky wagty kesgitleme tehnologiýasyny ulanar. Ulanyjylar Gözleg sazlamalary menýusyndan Hiýa bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze spam gözlegini kesgitlemek aýratynlygyny aňsatlyk bilen açyp bilerler.

“Samsung” kompaniýasynyň beren beýanatlaryna görä, bu aýratynlygy bolan ilkinji telefonlar “Galaxy Note20” telefonlary bolar. Wagtyň geçmegi bilen bu aýratynlykdan has köp Samsung ulanyjy peýdalanmaga mümkinçilik gazanar. Mundan başga-da, geljekde çykarylan her bir smartfonda bu aýratynlyk bolar we ähli ulanyjylar spam jaňlarydan goranmak üçin ýeňillik gazanarlar.

Ogulhan ILMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok