Balkanabatda täze metjit açylar

Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze metjidiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda. Mälim bolşy ýaly, onuň açylyş dabarasy noýabr aýynyň ahyrynda meýilleşdirilýär. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Metjidiň merkezi gümmezi altyn reňkli bolup onuň üstünde ýarym aýyň şekili ýerleşdirilen. Binagärlik toplumy özboluşly bezegler bilen bezelen dört minarany hem öz içine alýar. Metjidiň iki gatly binasynda 3000 orunlyk ybadat zaly bar. Binanyň bezeginde iň döwrebap gurluşyk harytlary, yşyklandyryş ulgamlary peýdalanyldy.

Metjidiň toplumynda 1500 orunlyk sadaka bermek üçin bina, 50 orunlyk myhmanhana, döwrebap awtoduralga we beýleki birnäçe binalarda myhmanlar üçin ähli amatly şertler döredilendir. Toplum ýaşaýyş üçin zerur bolan döwrebap sowadyjylar, ýyladyş ulgamy, suw we energiýa üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylandyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok