«Azyk harytlarynyň içerki bazarlarda ýeterlik üpjün edilmegi bilen birlikde, bahalaryň durnukly derejede saklanmagyna yzygiderli gözegçilik etmeli»

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny zerur harytlar, ilkinji nobatda bolsa, azyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol harytlar ilatymyza elýeterli bahadan hödürlenilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa ýüzlenip, ýurdumyzyň ilatynyň azyk önümlerine bolan isleglerini ýeterlik derejede we elýeterli üpjün etmegi tabşyrdy. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň önüm öndürijilerinden we zerurlyk bolan ýagdaýynda daşary ýurtlardan harytlary satyn almak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem azyk önümleriniň görnüşleri boýunça ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda harytlaryň nyrhlaryna hem-de üpjünçiligine gündelik seljerme işleri geçirilýär.

Azyk harytlarynyň içerki bazarlarda ýeterlik üpjün edilmegi bilen birlikde, bahalaryň durnukly derejede saklanmagyna yzygiderli gözegçilik etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek baky Bitaraplygyň 25 ýyllyk baýramynyň, şeýle hem Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigini göz öňünde tutup, ilatymyzyň toý saçaklaryny bezemek üçin isleg bildirilýän dürli görnüşli azyk harytlarynyň üpjünçiligi bilen bagly işlere şu günlerden taýýarlyk görmek möhümdir.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly elektron söwdany, ilata harytlary eltip bermek hyzmatlaryny giňeltmek babatda görkezmeler berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda dükanlarynda arassaçylyk kadalarynyň, söwda düzgünleriniň berk berjaý edilmegine gündelik gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Ogulşat Şapyýewa,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat

orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok