Ýaponiýanyň metbugat beýanyna görä, “Sony” kompaniýasy “Apple” şereketine OLED mikro ekranlary berer. Bu ekranlar giňeldilen hakykat aýratynlygy bolan “Apple Glass” -da ulanylar.
Tehnologiýa kompaniýalary käbir meseleler boýunça biri-biri bilen ýakyn bäsdeşlik etseler-de, “söwdada hiç hili ylalaşmazlygyň” bolmazlygy üçin tölegli görnüşde gatnaşyk saklaýarlar. Ylalaşyk esasynda “Sony” kompaniýasy täze ýokary tehnologiýaly OLED mikro ekranlaryny “Apple” şereketine hödürlär.
Senagat analitigi Ross Youngang hem bu baradaky pikiri tassyklaýandygyny aýtdy. “Apple” bu ekranlary, täze “Apple Glass” äýneklerinde görnüşini ýokarlandyrmak üçin ulanar. Elbetde, bu kompaniýanyň ýeke-täk täze önümi bolmaz.
“Sony” kompaniýasynyň bu OLED mikro ekranlary – ultra çalt jogap bermäge, ýokary duýgurlyga, ýiti reňkleri çalt anyklamaga ukyply derejeli tehnologiýadyr. Mundan başga-da, bu ekranlarda ýokary ýagtylyk we pes şöhlelenme ýaly birnäçe aýratynlyklar hem bar.
“Apple” şereketi 2022-nji ýylda görnüşi ýokarlandyrylan wirtual hakykat äýnegini satuwa çykarar. Bu äýnegiň mahabaty 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda bolar.
Gurban GURBANALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler