Germaniýanyň sport önümlerini öndürýän “Adidas” kompaniýasy tarapyndan, 2005-nji ýylda satyn alnan “Reebok” markasynyň önümleriniň garaşylan netijäni bermänligi sebäpli ony satmagy meýilleşdirýändigi öňe sürdi. Satuwyň 2021-nji ýylyň mart aýynda tamamlanylmagyna garaşylýar.
Bütin dünýäde uly üstünlik gazanan “Adidas” kompaniýasy, 2005-nji ýylda “Reebok” markasyny goşmak bilen uly üstünlik gazandy, ýöne bu seneden 15 ýyl geçenden soň, işleriň garaşylşy ýaly dowam etmeýändigi aýan edildi. Germaniýanyň metbugat habarlarynda berlen maglumata görä, “Adidas” kompaniýasynyň resmi wekili Kasper Rorsted, “Reebok” markasyny satmak baradaky geleşigiň 2021-nji ýylyň mart aýynda tamamlanmagyna garaşylýandygyny aýdýar.
Bu habaryň ýaýramagy bilen “Adidas” -yň paýnamalary 3,5 göterim ýokarlandy. Maýadarlar, “Reebok” markasyny satyn alan müşderä oňyn ösüş getirer diýip pikir edýärler.
“Adidas” häzirlikçe hiç hili beýanat bermedi, ýöne maglumatlar seljerilende markanyň bu ugurda strategiýany durmuşa geçirmegi gaty ähtimal. Kompaniýanyň geljek döwürde haýsy strategiýany durmuşa geçirjekdigi bolsa häzirki wagtda belli däl.
Maksat HAÝYTGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler