Google Chrome täze sahypasyny çalyşmaga synanyşýar. “Chrome” -yň “Canary” wersiýasynda görlen täze aýratynlyk ulanyjylara geçmişde gözlän önümlerini bu ekranda görmäge mümkinçilik berer. Bu aýratynlygyň haçan ähli ulanyjylar üçin elýeterli boljakdygy entek belli däl.
Google hünärmenleri, Chrome-yň synag aýratynlyklaryny geçirýän Canary wersiýasyna täzeleniş girizdiler. Täzelenme Google Chrome-a ýakynlaşýan täze bir aýratynlygy ýüze çykardy. Bu aýratynlyk, söwda taryhynda täze sahypa açar. Aýratynlygyň durnukly wersiýasy arkaly, täze sahypada Chrome-da gözleýän önümleriňizi görüp başlarsyňyz.
“Google Chrome”-yň “Canary” wersiýasynda duş gelen bu aýratynlyk, adaty ýagdaýda çykýar. Başgaça aýdylanda, ulanyjylar bu aýratynlygy Google Chrome-daky “flags” bölüminden işjeňleşdirip bilerler. Bu aýratynlyk islege bagly görnüşde hereketi görkezýär. Ulanyjy aýratynlygy işjeňleşdirenden soň ozal gözleýän önümlerini görmegi başararlar.
“Google Chrome”-yň täze aýratynlygy öň gözlenen önümlere girmegi hem aňsatlaşdyrar. Mysal üçin, ýokardaky suratdan görnüşi ýaly, öň ofis oturgyçlaryny gözlän bolsaňyz, bu gözlegiňize degişli maglumatlaryňyza çalt girip bilersiňiz.
Google Chrome-a goşuljak täze aýratynlygyň haçan elýeterli boljakdygy belli däl. Şeýle-de bolsa, aýratynlygyň “Canary” wersiýasyna işiniň tamamlanandygyny aýtmak bolar. Kompaniýa, degişli işleri geçireninden soň bu aýratynlygy ähli ulanyjylara hödürlär. Google-yň bu aýratynlygy sarp edijilerde uly täsir galdyrar.
Sahragül DÖWRANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.
Teswirler