Ýel degirmenleri

Ýel degirmenleri – energiýa almak üçin ýelden peýdalanýan uly aýlawly çarhlary bolan binalardyr.

Gadymy döwürlerden bäri ýel degirmenleri bugdaý üwemek we suw çykarmak ýaly meseleler üçin ulanylýan mehaniki güýji almak üçin ulanypdyrlar. Gollandiýada ýerleşýän ýel degirmenlerine gury ýerleri deňizden aýyrmak üçin suwy ýygnamak üçin peýdalanylýar.  Ösüp barýan ýurtlarda henizem möhüm güýç çeşmesi bolandyklaryna garamazdan, ösen ýurtlarda olaryň roly azaldy. Elektrik energiýasynyň çeşmesi hökmünde ulanylýan ilkinji ýel degirmeni 1890-njy ýylda Daniýada guruldy. Bu seneden soň kiçi jaýlara we fermalara elektrik üpjünçiligi üçin ýel bilen işleýän degirmenler oturdyldy.

Ýel degirmenleriniň görnüşi we işleýşi ýeliň tizligine, ugruna we beýikligine baglydyr. Ýeliň ortaça tizligi sagatda 29-40 km bolan ýerler ýel degirmenleri üçin amatlydyr. Sagatda 8 km tizlikli ýeňil şemallar ýel degirmenini işledip bilmeýär, güýçli şemallar we tupanlar bolsa ýel degirmenine zeper ýetirýärler.

Ýel degirmenlerini aýlaýan ýeliň güýji, tizliginiň kubuna, aýlaýan çarhlaryň diametriniň kwadratyna we howanyň dykyzlygyna göni proporsionaldyr. Elektrik we mehaniki kuwwaty üpjün etmekde kiçi göwrümli ýel energiýa ulgamlary ykdysady taýdan möhümdir.

Uly diametrli ýel degirmenleriniň köp artykmaçlygy bar, hiç hili hapalanma döretmeýär, kän ses çykarmaýar we ýangyç gerek däl. Şol sebäplere görä, bu uly ulgam ýel degirmenleri Gollandiýa we ABŞ ýaly ýurtlarda ulanylýar. 1970-nji ýyllarda ýel degirmenleri arkaly elektrik öndürmäge bolan gyzyklanma artdy. Elektrik ABŞ-da döredilen ýel fermalarynda ýel degirmenleri bilen öndürilýär.

Resulberdi ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok