Halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, karz edaralaryň hususy we çekilen serişdeleriniň, şol sanda daşary ýurt banklaryndan we maliýe guramalaryndan alnan karz serişdeleriň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, hyzmat ediji karz edaralary tarapyndan pudaklara goýberilýän karz serişdeleriň doly we maksada laýyk ulanylyşyna berk gözegçilik ediler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatynda Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, karz edaralaryň hususy we çekilen serişdeleriniň, şol sanda daşary ýurt banklaryndan we maliýe guramalaryndan alnan karz serişdeleriň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, banklaryň öňünde durýan we uly geljegi bolan wezipelere ünsi çekdi. Uzak aralykdan ýola goýulýan bank hyzmatlarynyň täzeçil görnüşlerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna, karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni düýpli öwrenmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.
Aýratyn-da, ýurdumyzda ýokary hünärli, köp ugurdan bilimli işgärleri taýýarlamak meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmegine möhüm üns berildi. Olar Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmalydyrlar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň başlygyna ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny ösdürmek üçin gönükdirilýän karz serişdeleriniň öz wagtynda gaýtarylmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Teswirler