«Altyn gül» hususy kärhanasynyň Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanasynda şu ýyl ilkinji gezek pomidoryň «marwelans» sorty synag edilýär. Ýyladyşhananyň hünärmenleriniň gürrüň bermegine görä, bu sort baldaklarynyň daşky täsirlere durnuklylygy we eksportda geçginliligi bilen tapawutlanýar. 2,5 gektar meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanada sentýabr aýynda 57 müň düýp şitil oturdyldy. Häzirki günlerde pomidorlary witaminler bilen iýmitlendirmek, artykmaç ösüntgilerini aýyrmak ýaly işler dowam edýär. Açylanyndan bäri üçünji oba hojalyk möwsümini başdan geçirýän ýyladyşhanada täze hasylyň noýabr aýynyň ikinji ýarymynda ýetişip başlamagyna garaşylýar.
Amandurdy Ýalkabow,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler