Imbiriň iýmitlenmezlige we aşgazanyň çişmegine 40% kömek edýändigini subut etdiler. Imbir aşgazanyň agyrysyna we ýürek bulanmagyna, aşgazanda we içegedäki gazy aýyrmaga täsir edýär. Içgeçmäniň öňüni alýar we içege kesellerini aýyrýar. Içegäniň tekiz myşsalaryny gowşatmak we iýmitiň içegelerden geçmegine ýol bermek bilen iç gatamagynyň öňüni alýar. 1980-nji ýyldan başlap, Imbirň ýaralara we reflekslere ýeňilleşdiriji täsir edýändigi öňe sürüldi.
Imbiriň ýürek we dem alyş ýollary üçin peýdalary:
- Imbiri yzygiderli ulanmak bilen insult we ýürek keseliniň peselmeginiň täsiri bolýar.
- LDL holesterini azaltmak häsiýetine eýe.
- Imbir ýagynyň dem gysmagyna oňyn täsir edýändigi mälimdir.
- Infeksion ýokançlyklara garşy Imbir Immunitet ulgamyny güýçlendirip, ýokançlyklara garşy reaksiýalary çaltlaşdyrmaga kömek edýär.
- Imbir kömelek ýokançlyklaryna garşy iň täsirli ösümlikdigini subut etdi.
- Antiseptiki täsiri sebäpli aşgazan we içege ýokançlyklaryna, hatda iýmit zäherlenmelerine garşy täsirli.
- Nahardan soň sarp edilýändigi sebäpli, iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýär we nahar wagtynda ýokarlanýan şeker derejesini peseldýär.
- Aşgazany köşeşdirmek bilen sarp edilýän iýmitleriň siňdirilmegini ýokarlandyrýar. Içegelerde parazitleriň köpelmegi aşgazana uly zeper ýetirýär. Gaty agyry döredýän bu parazitler, esasanam nahar wagtynda köpelýär. Hünärmenler nahardan öň iýilýän bir çaý çemçe owradylan imbir hem aşgazanyň boşalmagyny ýeňilleşdirýändigini we parazitleriň sanyny azaldýandygyny bellediler.
Güýçmyrat Gurbanmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler