Balyň adam bedeni üçin peýdasy .

Balyň adam bedeni üçin peýdalary gaty uludyr. Ýöne allergiýaly we süýji keselli adamlar üçin bal maslahat berilmeýär. Beýleki ýagdaýlarda ary baly oňat öňüni alyş we toniki serişdedir – bedene köp energiýa berýär, immunitet ulgamyny güýçlendirýär we köp keselleri bejermek üçin
maslahat berilýär.

Balyň himiki düzümi :
Himiki düzüminde bal adamyň gan plazmasyna gaty meňzeýär we bedenimiz tarapyndan 100% siňýär. Onuň bir gramy hem ýitmeýär.

Umuman aýdanyňda, bal şulary öz içine alýar:

fermentler: katalaza, amilaza, diastaza, fosfataza;
C, E, B witaminleri;
peýdaly elementler: alýumin, sink, nikel, hlor, litiý, galaýy we başgalar;
foliý turşusy;
pantoten kislotasy.

Bal mundan başga-da birnäçe dermanlyk aýratynlyklara eýedir.

Peýdaly aýratynlyklary:
Balyň peýdaly häsiýetleriniň sanawy has köp. Günde iki çemçe bal çagalar we ulular, erkekler we aýallar üçin peýdalydyr. Onuň dermanlyk aýratynlyklary nerw ulgamyna, iýmit siňdirişine, gormonlara we ş.m. hem täsirlidir.

Arazgeldi Gurbanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok