DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda “Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna” mowzugy bilen daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük okuwlar başlandy.
Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan — Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Awstriýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Malaýziýadan, Wengriýadan, Owganystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Ermenistandan 30-dan gowrak diplomatlar gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu okuwlar oňa gatnaşyjylara döwletiň şu özboluşly hukuk derejesi, onuň daşary syýasatyň durmuşa geçirilmegindäki ähmiýeti hakyndaky bilimleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.
Diplomatik okuwlarynyň açylyş gününde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de döwletiň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny has hem giňeltmäge ygrarlydygyny belledi.
Okuwlaryň birinji gününde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň halypalary, biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş edip, bilim alýan ýurdumyzyň ýaş diplomatlara gullugyň esaslary barada gürrüň berdiler.
Onlaýn görnüşde leksiýalary okamak üçin diplomatlar, Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri hem-de ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çagyryldy we olar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň gazananlary barada giňişleýin gürrüň bererler.
Okuwlaryň maksatnamasy diýseň mazmuna baýdyr. Onlaýn-görnüşinde geçirilýän okuwlara gatnaşyjylar türkmen diplomatiýasynyň bilermenlerine özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip bilerler. Daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlaryna «Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň taryhy we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi», «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy — ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk», «Energetika, ulag we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa diplomatiýasy» hem-de beýleki ugurlar boýunça sapaklar geçiler.
22-nji oktýabrda daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin okuwlar BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde dowam eder we şol ýerde bu merkeziň ýolbaşçylary çykyş ederler.
Teswirler