Tebigatyň bezegi

Gülleriň içinde iň owadany bägüldir. Gadym zamanda Hindistanda patyşa bägül getirip beren adama, islän zadyny soramaga rugsat berlipdir.

  • Gresiýada bägül owadanlygyň nyşany hasaplanylypdyr. Bu gül rimlilerde has aýratyn söýgä mynasyp bolupdyr. Esgerler urşa gitmezlerinden öň şlemlerini (harby demir papaklaryny) aýyryp, bägül gülünden ýasalan çemenleri kellelerine geýipdirler.
  • Ýewropada gül çemenlerini iň gowy görýänler şweýsarlardyr.
  • Gwozdika güli Germaniýada, Polşada, Şwesiýada ýas, matam güli hasaplanylýar. Belgiýada, Italiýada, Fransiýada, Ispaniýada, Türkiýede hrizantema güli matam güli hasaplanylýar. Bägül güli Awstriýada, Fransiýada romantiki gyzyklanmanyň alamaty bolup hyzmat edýär.
  • Meksikada, Çilide sary güller aýralygyň we gussanyň alamaty hökmünde kabul edilýär.
  • Bägülüň dürli görnüşleri bar. Ine, şolaryň biri-de «çaý gibrid» bägülleri, bu görnüşli bägüller maý aýyndan başlap, tä sowuk düşýänçä örän köp gülleýär.

Eziz TAHYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok