Ýokary hilli matalary öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden etrabyndaky dokma toplumynda agyr we ýeňil planel, kriton we ranfors görnüşli ýokary hilli matalary öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu öňdebaryjy kärhanada «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň başyndan bäri önüm öndürmekde gazanylýan iş görkezijiler has-da guwandyryjydyr. Kärhanada şu ýylyň geçen 9 aýynda 101 million 94 müň 389 manatlyk önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,25 göterim ösüş gazanyldy. Kärhananyň agzybir zähmet topary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuny zähmet sowgady bilen garşylamagy maksat edinýär.

Güljahan Taňryberdiýewa,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok