ÝB — MA — Owganystan görnüşinde wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi

Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň), Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB — MA — Owganystan görnüşinde wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.

Duşuşygyň barşynda sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlyk ulgamynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyk etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» mejlisiniň ministrler derejesindäki nobatdaky tapgyryna hem-de ÝB — MA görnüşindäki «ýaşyl ykdysadyýet» boýunça Birinji foruma görülýän taýýarlygyň barşyna, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine garaldy.

Taraplaryň özara gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň ählisi boýunça ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan bilen gatnaşyklarynyň has-da giňeldilmeginiň zerurdygyna ünsi çekýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň netijelidigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň dünýä derejesindäki ösüşlere goşulyşmagy bilen birlikde, bu ýurtda abadan raýat jemgyýetini berkarar etmek maksady bilen, köptaraply gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Goňşy ýurtdaky ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermekde Türkmenistanyň oňyn tejribesi hem-de owganara gepleşikleri geçirmek üçin syýasy giňişligi hödürlemek boýunça milli Liderimiziň öňe süren başlangyjy bellenip geçildi.

ÝB-niň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid Ýewropa Bileleşiginiň BMG-niň Aşgabatda ýerleşen Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini goldaýandygyny we ileri tutýandygyny hem-de geljekde onuň alyp barýan işlerine ýakyndan ýardam bermäge meýillidigini aýratyn nygtady.

Duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň «BOMKA», «KADAP» maksatnamalarynyň, kanunyň hökmürowanlygy boýunça ÝB — Merkezi Aziýa sebitleýin işleriniň netijeli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy hem bellenildi.

Onlaýn maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmekde umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy, täze şertlerde ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, Merkezi Aziýa sebitinde «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy baradaky meselelere-de seredip geçdiler.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok