Milli Liderimiz eologiýa syýasatynyň özeninde jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşaw bilen sazlaşdyrmak, ýaşaýşyň arassa ekologiýa gurşawyny döretmek baradaky aladasy dur. Şolaryň iň möhümleriniň biri hem arassa ekologiki gurşawy üpjün etmek üçin ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwlet syýasatydyr. Howanyň global derejede üýtgeýän şetlerinde bu syýasat möhüm ähmiýete eýedir.
Ylmy edebiýatlarda türkmen arçasyna şeýle häsiýetnama berilýär: ýaşaýyş görnüşi hemişe gök öwsüp duran gyrymsy şekilli. Ýapraklarynyň ýerleşişi baldaklarynyň ugruna pür şekilli. Ýapraklarynyň ýerleşi’i baldaklarynyň ugruna pür şekilli. Iňňe görnüşli, ýiti.
Arça – serwiler maşgalasynyň adybir urugynyň hemişe gök öwsüp oturan pürli görnüşidir. Türkmen arçasynyň boýy 2-10 (15) metre barabar. Muňa garamazdan, Garaýalçy jülgesindäki käbir arçalaryň boýlarynyň 25-30 metre ýetýänleri hasaba alnypdyr. Köp ýaşan agaçlaryň gabygy syrylyp duran, gyzylymtyl-çal reňkli. Pürleşen şahajyklarynyň ujy inçe hem endigan. Pürleri (ýapragy) pudaga jebis gysylan gysylan, arkasy güberçek. Gozaly iýmişi gaty, şar şekilli, gara-gögümtil reňkli, gabarasy, takmynan, 10 mm, 3-5 tohumly. Miwesi örän gysgajyk ýapraklaşan sapakly. Tohumy gara-goňrumtyl reňkli, ýalpyldawuk, uzynlygy 6 mm, 2,5 mm barabar.
Daragt aprel-maý aýlarynda gülleýär. Gozaly iýmişleri gök öwsüp durýan hoşboý ys berýän ösümlikleriň sanawyna girýär. Daragt deňiz derejesinden 1100-2800 metr belentliklerde ]svqr. Ol guraksy daşly eňňitlerde, seýrek ýagdaýlarynda , iki-ýeke dürli reňkli toýunlaryň ýüz açylmagynda bitýär.
Arçanyň dermanlyk maksatlary üçin miwesi hem pürleri çig mal bolup hyzmat edýär. Daragtyň dermanlyk miwesini noýabr-dekabr aýlary ýygnamaly.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Ahmet Işangulyýew.
Teswirler