Saglyga peýdaly bakja ekini

Lukmanlar haýsydyr bir miwäni ýa-da bakja ekini onuň tebigy haly howa şertlerinde ýetişýän ýa-da adaty şertlerde saklanyp bilýän wagty iýmegiň has ýaramly boljakdygyny belleýärler. Käşir, üzüm, şugundyr kelem ýaly miwedir bakja önümleriniň hem durnuklylygy ýokary bolýar. Şeýle bakja ekinleriniň biri hem kädidir. Bu ekin kädiler maşgalasyna degişli birýylly, otjumak bakja ösümligidir. Baldagy topraga ýaýylyp ýatan bu ösümligiň ýapraklary iri bolýar. Kädiniň iri sarymtyl we ak gülleri bolýar. Adatça kädiniň gabygy galyň bolup, onuň ýapbaşyk görnüşli çigidi bar. Kädiň birnäçe görnüşi dürli naharlary taýýarlamakda peýdalanylýar. Kädiniň ýabany hem görnüşleri bar. Olar yssy ýurtlarda, ýagny Aziýada, Afrikada hem-de Amerkada has-da ýaýrandyr.Onuň 20-ä golaý görnüşi bar.

Peýdasy:

Kädi mundan başgada iýmit siňdiriş ulgamynyň hem işini gowulaşdyrýar.

Göz keselleriniň ýagny kataraktanyň döremeginiň öňüni alýar.

Adam üçin zyýanly zatlaryň daşyna ýykarylmagyna itergi berýär.

Düzümindäki demir, magniý ýaly elementler adam süňklerini pugtalandyrýar we süňk hassalyklarynyň öňüni alýar.

Horlanmak isleýänlere iýmek maslahat berilýär.

Ýaz aýlarynda ýüze çykýan allergiýa garşy göreşiji bolup hem hyzmat edýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Altynaý Orazgurbanowa.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok