Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň iri oba hojalyk etraplarynyň biri bolan Bereket etrabynda hem häzirki wagtda ýokary depginde pagta ýygymy döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Etrabyň Garagum derýasynyň boýunda ekin dolanyşygyna girizilen meýdanlarynda şu günler ir ertirden giç agşama çenli pagtaçylaryň joşgunly zähmeti möwç urýar. Etrapda bu möhüm möwsüme gatnaşýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň her biri netijeli peýdalanylýar. «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň «ak altynly» meýdanlarynda alnyp barylýan işler nusga alarlykdyr. Daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň 81-si bu gymmatly ekiniň bol hasylyny ösdürip, kemala getirmegi başardylar. Aslynda tutuş sebitde hemişe öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan bu daýhan birleşiginde ýylyň-ýylyna pagtanyň bol hasyly ýygnalyp, şertnamalaýyn borçnamalar artygy bilen ýerine ýetirilýär. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri şu ýyl gowaça ekilen meýdanyň möçberini iki ýarym esseden hem artdyryp, 730 gektara ýetiripdirler. Munuň özi günbatar sebitiň toprak-howa şertlerini, suw gorlaryny nazara alanyňda, juda aýgytly çözgütdir. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Nursoltan Myradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.
Teswirler