Işler ýokary derejede alnyp barylýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň welaýatyň Serdar etrabynyň Sarp obasyndaky degirmenler toplumy kärhanasynda ýokary we birinji sortly uny taýýarlamak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Kärhananyň barlaghanasynda öndürilýän unuň hiline, çyglylygyna gözegçilik edilýär. Şu ýylyň ýedi aýynda kärhanada 16 müň 927 tonna bugdaý üwelip, 12 müňden gowrak tonna un taýýarlanyldy. Şonuň 4 müň 232 tonnasy ýokary, 8 müň 163 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan ýokarydyr.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana 50 müňe golaý tonna däne saklaýan elewatory özünde jemlemek bilen, ýylda 50 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde ammarlaryň 6-sy, uly göwrümli gapanlaryň 3-si bolup, suw arassalaýjy desga, däne ýükläp-düşürmäge niýetlenen ýörite bölümler hereket edýär.

Kuwwat Handurdyýew,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok