Gün energiýasyny saklamaga mümkinçilik berýän molekulalar işlenip düzüldi.

Şwesiýanyň Linköping uniwersitetiniň alymlary  gün energiýasyny özüne siňdirýän we himiki baglanyşyklar arkaly özünde saklaýan molekulany döretdiler. Gözlegiň netijeleri, Amerikan himiýa jemgyýeti žurnalynda çap edildi. Molekulany uzak wagtlap ulanylmak arkaly gün energiýasyny netijeli alyp, soňra bolsa sarp etmek üçin saklanylyp bilner.

Häzirki wagtda gün energiýasy, adam tarapyndan döredilen energiýa toplaýjy desgalary (gün panelleri we ş.m.) tarapyndan sorulýar. Şeýle-de bolsa, gün energiýasyny ulanmak üçin ulanylýan desgalaryň esasy meseleleriniň biri, günüň şöhlesi ýok wagty energiýany alyp we ulanyp bolmazlygydyr. Alymlar bu ýagdaýa ünsi jemlediler we günüň energiýasyny soňundan netijeli ulanmak üçin nädip saklap boljakdygyny öwrendiler.

Linköping uniwersitetiniň hasaplaýyş fizikasy pudagynda işleýän Bo Durbej: “Biziň döreden molekulamyz iki dürli görnüşde gün energiýasyny alyp biler: gün şöhlesinden alynjak energiýany üpjün edýän esasy görnüş we has köp energiýa öndürip biljek alternatiw görnüş, esasy görnüşiň gurluşy kesgitlenen tapgyrda üýtgedilýär. Şeýlelik bilen, energiýany gün şöhlesini molekulada saklamak mümkin bolýar ”. Göz öňünde tutulýan molekula “molekulýar fotosuratlar” diýlip atlandyrylýan molekulalar toparyna degişlidir. Bu molekulalar himiki gurluşlary bilen tapawutlanýan iki dürli görnüşde bolup biler. Iki görnüşiň hem dürli aýratynlyklary bar. Gözlegçiler tarapyndan işlenip düzülen molekulanyň tapawudy energiýa düzüminde saklanylýar.

Dünýägözel NAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok