Häzirki wagtda daşky gurşawa adam tarapyndan tötänlikden bolsa-da birnäçe zeperler ýetirilýär. Şol ýetirilýän zeperler bolsa gurşawda ýaşaýan haýwanlaryň käbir görnüşleriniň ýitip ýok bolup gitmegine ýa-da görnüşleriniň azalmagyna getirýär. Şu zatlary göz öňünde tutup Germaniýa döwletinde mör-möjeklere ýetirilýän zyýany ýok etmek (azaltmak) üçin ýörite kanunla
Germaniýanyň ekosistemasynda möhüm orny eýeleýän mör-möjekleriň sanynyň çalt azalmagy sebäpli köçeleriň, seýilgähleriň we binalaryň daşyny ýagtylandyrýan çyralary gijelerine çäklendirmek meýilleşdirilýär.
Germaniýanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda şäherlerde tebigy durmuşy goramak üçin mör-möjeklere zyýan berýän yşyklary çäklendirmegiň üstünde işlenýändigi we kanunyň oktýabr aýynyň ahyryna çenli tassyklanylmagyna garaşylýandygy mälim etdi.
Köçe çyralarynda ýerleşdirilen duzaklar, ýokary temperatura mör-möjekleriň ölmegine esasy sebäp bolýan zatlardyr. Şol sebäpli täze taslama laýyklykda, bu zatlara sebäp bolýan çyralaryň yşygy gün ýaşandan tä daň atýança gadagan ediler.
Tebigy seýilgählerdäki derýalar we köller ýaly suw baýlyklarynyň bäş-on metr aralygynda haşal otlary öldürmekde ulanylýan pestisidleri ulanmak gadagan ediler. Mundan başga-da, mör-möjekleriň tebigy mekany hasaplanýan miwe baglarynyň daş töwrekleri diwarlar bilen örtüler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Daýançgeldi Bekdurdyýew.
Teswirler