Buz eýýamynyň aňzak sowugynda jandarlar nädip ýaşapdyrlar?

MakGill uniwersitetinde işleýän alymlar tarapyndan geçirilen täze barlaglarynda buzluklaryň eremegi netijesinde emele gelen suwuň bu döwürde ewkariotlaryň ýaşamagy üçin örän möhüm orny eýeländigi mälim edildi.

Bu barlagda, alymlar şol döwrüň daşky gurşaw şertlerine düşünmek üçin Awstraliýada, Namibiýada we Kaliforniýadaky buzluk ýataklaryndan gaýalary gözden geçirdiler. Alymlar geologiki kartalaryň kömegi bilen gaýalaryň emele gelişini analiz etdiler. Alymlar bu gaýalarda demir  galyndylarynyň himiki düzümini seljermek bilen, takmynan 700 million ýyl ozal okeanlarda bar bolan kislorodyň mukdaryna baha berip, kislorodyň mukdarynyň deňiz durmuşyna edýän täsirini derňemegi başardylar. Barlaglar, birnäçe jandarlaryň köpüsiniň doňaklyk wagtynda kislorod ýetmezçiligi sebäpli ýaşap bilmejekdigini aç-açan görkezse-de, topragyň üstündäki buz örtükli gatlaklarynyň eremegi ýaşaýyş çeşmesi bolup hyzmat etjek suwy döredendigini görkezýär.

Takmynan 700 million ýyl ozal planetamyzyň taryhynda iň agyr buz döwri başlap, planetadaky ýaşaýşa uly howp salypdyr. Öňki gözlegler, kisloroda garaşly janly-jandarlaryň buzlaryň eremegi netijesinde emele gelen howuzlarda ýaşap bilendikleri ýüze çykaryldy. Şeýle-de bolsa, bu gözleg buz döwründe kislorodly ýaşaýyş üçin täze subutnamalary görkezýär.

Gözlegde kislorodyň bardygyna ünsi jemlän hem bolsa, başlangyç ewkariotlaryň buz eýýamynyň agyr şertlerinden halas bolmak üçin azyk sarp edilmegine mätäç bolandygyny hem görkezýär. Buzluklar bilen örtülen gurşawda ýokumly maddalara nädip ýetip boljakdygyny düşündirmek üçin has köp ylmy barlaglar talap edýär.

Gurbangül HUDAÝBERGENOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok