2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty” atly ýörite açyk sapak geçirildi. Sapagyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary talyplaryň öňünde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň oňyn ähmiýeti, halkara gatnaşyklarynda tutýan orny, dünýä döwletleri bilen oňyn, dostlukly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, Bitaraplyk statusyny alan ýyllaryndan bäri gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitler hem-de Bitaraplygyň 25 ýyllyk tejribesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýandygy dogrusynda giňişleýin çykyş
etdiler.
Arzygül TEKEMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler