Zyýansyz we iýip bolýan plastiki önümler

2015-nji ýylda Notpla kompaniýasy iýip bolýan içgi turbajyklary öndürdi.  Ol  iýip bolar ýaly deňiz ösümliklerinden ýasaldy.  Bu oýlap tapyş marafona gatnaşyjylaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy we umuman jemgyýetde gyzyklanma döretdi.  Bu geň däldir, sebäbi içmek üçin ulanylýan plastik turbajyklaryň çüýremegi üçin müňlerçe ýyl gerek.  2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Angliýada  resmi  taýdan plastik turbajyklary ulnamak gadagan edildi.  Beýleki Ýewropa ýurtlary bu karary has ir kabul etdiler.  Notpla ýakynda başga bir oýlap tapyşy ýagny iýip bolýan plastik paketleri oýlap tapdy.  Adamlar ulanylandan soň iýmese-de, zibile taşlasa-da, bu plastikler tebigaty uzak wagtlap hapalamaz.  Bularyň hemmesi käbir gizlin tehnologiýalaryň kömegi bilen ýasalýar. Öndürilýän paketler souslary saklamak üçin ulanmak meýilleşdirilýär.
Iýip bolýan plastikler Notpla wekilleriniň aýtmagyna görä, 6 hepdäniň dowamynda tebigatda çüýräp başlaýar.  Ýönekeý plastmassanyň birnäçe asyrlap gurluşynyň saklaýandygyny göz öňünde tutsak, bu gowy oýlanyp tapylan zat.  Aýratynlyklary boýunça material plastmassa gaty meňzeýär.  Bu önüm, Fransiýada ösdürilip ýetişdirilýän suwotulardan ýasalýar, ýöne öndürijiniň haýsy ösümligi ulanýandygy belli däl.  Suwotular guradylýar, poroşokda ezilýär we galyň suwuklyga öwrülýär.  Alnan garyndy gurasa, plastmassa meňzeýär.  Ýöne suwotularyň ýumşak elastik häsiýetlere nädip eýe bolýandygyny öndüriji aýtmaýar.  Olaryň pikiriçe, bu gizlin tehnologiýa.
Bu ýelmeşýän madda pugtalananda, plastmassa meňzeýän bir zat emele gelýär. Häzirki wagtda köp mukdarda biodegrirlenip bilinýän materiallar bar.  Mysal üçin, 2018-nji ýylda Pontus Tornqvist atly şwesiýaly okuwçy kartoşka plastmassasyna alternatiwa döretdi.  Plastmassanyň täze görnüşi “Kartoş plastik” logiki adyny aldy we ondan bir topar önüm öndürildi.  Daş görnüşi asla owadan däl, ýöne tebigy şertlerde bary-ýogy 2 aýyň içinde çüýräp bilýär.
Ýöne kartoşka krahmaly “ýaşyl” plastmassa ýasamak üçin iň oňat çig mal däl.  Hakykatda, kartoşka ösdürip ýetişdirenlerinde adamlar tebigata-da zyýan ýetirýärler.  Zyýan berijileri ýok etmek üçin ulanylýan zäherli maddalar peýdalanylýar. Olar bolsa kartoşkanyň zyýankeşi  bolan  Kolorado tomzaklaryny däl, eýsem arylary we adamzat üçin peýdaly beýleki mör-möjekleri hem öldürýärler.  Bu nukdaýnazardan, suwotular plastmassa öndürmek üçin ileri tutulýan çig maldyr.

“Notga” -nyň metbugat sekretary Rodrigo Garsiýa, suwotularyň iň baý çeşmeleriň biridigini aýtdy.  Olaryň ulanýan deňiz ösümlikleri bolsa her gün 1 metr ösýär.  Olary zyýan berijilerden goramagyň zerurlygy ýok, tohumlandyrma zerurlygy ýok we özbaşdak ösýär.  Suwotular uzak wagtlap tebigata zyýan bermezden ulanylyp bilner.  Adamzadyň çydamly we çalt çüýrän materiallary döretmek üçin suwotulary henizem ulanmaýandygy geň zat. Biodegrirlenip bilinýän haltalarda häzirki wagtda käbir azyk öndürijilerine sumkalar we beýleki zyýansyz iýmit gaplary satylýar. Häzirki wagtda diňe bir gury  ýer  däl, eýsem ummanlaryň çuňlugynda hem plastik galyndylar bilen dolup barýar. Şol sebäpli haplanmanyň öňüni almak ählimiz üçin möhümdir.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Akmyrat Ataýew.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok