Ýurdumyzyň hususy ulgamy tarapyndan öndürilýän önümler özüniň hili, bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigi bilen içerki we daşarky bazarda uly islege eýe bolýar. Munuň özi türkmen işewürleriniň öndürýän önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny görkezýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäginde «Kerwenler» hususy kärhanasyna degişli bolan «Ýüň ýüplük we dokma» önümçilik kärhanada öndürilýän önümler hem müşderileriň köp isleg bildirýän önümleriniň hataryna goşuldy. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.
Kärhana ýüň egirme we dokma bölümlerinden ybarat. Ýüň egirme bölüminde ýokary hilli, dürli belgili goýun ýüňünden ýüň ýüplükler we poliester garyndyly ýüň ýüplükler öndürilýär. Şeýle hem sap ýüňden türkmen halysynyň ýokary hilli ýüplüklerini öndürmek işleri ýola goýuldy. Häzirki wagta çenli ýüň egirme bölümi onlarça tonnadan gowrak ýüň ýüplügini öndürdi.
Kärhananyň dokma bölüminde dürli ölçegdäki kilim we örtgi (pokrywal) önümleri, ýüňden we ýarym ýüňden ýokary hilli ýorganlar öndürilýär. Bu bölümiň kilim we örtgi (pokrywal) öndürmekde kuwwatlylygy aýda 13 müň metre, ýylda 156 müň metre barabardyr. Iki çalşykda iş alnyp barylýan bu bölümde şu güne çenli 6 müň metre golaý kilim we örtgi ýaly dokma önümleri öndürildi. Ýüň ýorganyň aýda 7,5 müň, ýylda 90 müň sanysyny öndürmäge mümkinçilik bar.
Häzirki wagtda önümler paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky söwda merkezlerine iberilýär. Geljekde önümlerimiziň görnüşlerini has-da artdyryp, daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýäris.
Ogulbibi Ýedadowa,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler