Türkmenistanda 071 tehniki goldaw hyzmaty ýola goýuldy

«Türkmentelekom» telekommunikasiýa kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda 071 tehniki goldaw hyzmaty ýola goýuldy. Tehniki goldaw hyzmaty, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan gelýän jaňlary kabul edýär. 071 belgä jaň edip, Türkmenistanyň islendik ýerinden, ýaşaýan ýeriňizdäki merkezi operatora haýal etmän birigip bilersiňiz.

071 hyzmatyndan nähili peýdalanmaly?

Islendik raýat 071 belgä jaň edip biler we: 071 belgä jaň etmek arkaly şulary edip bilersiňiz:

1. Uzak aralyga ýa-da halkara jaňlary sargyt edip bilersiňiz;

2. «09» goldaw hyzmatyna meňzeş kömek üçin maglumatlary alyp bilersiňiz;

3. «Türkmentelekom» müşderileri – telefon, internet, kabelli teleýaýlymlar üçin hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.

Operatorlar tarapyndan gelýän jaňlara jogap berilip, müşderileriň haýyşlary degişli bölümlere ibererler. Jaň edýän müşderi diňe gerekli hyzmaty ýa-da näsazlygyň görnüşini düşündirmegi ýeterlikdir. «Birinji tapgyrda» tehniki çylşyrymlylyk derejesine görä müşderiniň islegi kanagatlandyrylar.

Ýönekeý ýüze çykan näsazlyklar haýal etmän ýerinde çözüler, çylşyrymly näsazlyklar bolsa ýokary bilimli inženerlere iberiler.

Müşderilerden gelýän jaňlar awtomatiki usulda ýörediler we «Online tehnik» mobil programmasyny ulanýan tehniklere geçiriler. Kompaniýanyň ussat tehnikleri programma arkaly gelýän takyk maglumatlary alarlar, ýagny: müşderiniň salgysy, telefon belgisi şeýle-de düzedilmeli kemçilikleri we ş.m.

Tehnik, salgy boýunça hereket edip, ýüze çykan näsazlyklary düzeder we bu işi tamamlamak üçin akylly programma dört belgili kody girizmeli bolar. Bu koduň siziň, şahsy özüňize beriljekdigini ýatladýarys! 071 tehniki goldaw hyzmaty müşderiler üçin gije-güngiziň dowamynda elýeterli bolar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok