Gyş möwsüminde ýeterlik ot-iým bilen üpjün ediler

Jemgyýetçilik mallaryna göwnejaý ideg etmek işlerini gyşa taýýarlyk çäreleri bilen utgaşykly alyp barýan Bäherden etrabynyň maldarlary önümliliginiň ýokarlanmagyna, gyş möwsüminde ýeterlik ot-iým bilen üpjün edilmegine we baş sanynyň saklanmagyna uly ähmiýet berýärler. Mallaryň gyşladyljak ýerleri maldarlar, şeýle hem etrap häkimliginiň işgärleri we bu işe dahylly hünärmenler tarapyndan saýlanyp alynýar, daýhan birleşikleri tarapyndan degişli ýardamlar berilýär.

Şu günler mallaryň gyşladyljak ýerlerinde — agyllarda, kaşarlarda, sygyr we düýe ýataklarynda abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilýär. Bu işde etrabyň Magtymguly adyndaky, Şaja Batyrow adyndaky hem-de «Ýeňiş» daýhan birleşikleriniň işjanly maldarlary has hem tapawutlanýarlar. Olar «Näzdepe», «Sabyr», «Garry kak» öri meýdanlarynda mallary bakmak bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Adalat Ýazmämmedow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok