Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň çalt depginler bilen ösüşi milli ykdysadyýetimizde bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagy ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen önümleriniň bazarlarynyň çäkleri günsaýyn giňelýär. Azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde uly orun eýeleýän kiçi we orta telekeçiligiň durnukly ösmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döretmekde döwletimizde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Ýurduň ak bazarlarynyň dürli naz-nygmatdan dolup durmagy bereket-bolçulygyň nyşany, il abatlygynyň, ýurt abadançylygynyň alamaty saýylýar. Ýurdumyzda azyk garaşsyzlygynyň doly üpjün edilmegi bilen, oba hojalyk ulgamynyň we gaýtadan işleýän senagatyň barha ösmegi, azyk senagatynyň ösmegine telekeçileriň hem işjeň gatnaşmagy netijesinde bazarlaryň bolçulygy hem artýar. Ýurdumyzda un öndürýän kärhanalaryň, galla önümleri kärhanalarynyň, çörek we çörek önümleriniň önümçilik toplumlarynyň sanynyň artmagy hem, ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň hemişe ösüş ýolundadygyny görkezýär.
Jumagylyç Akyniýazow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy,
oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Teswirler