Ýurdumyzda ýangyç-energetika pudagynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, nebitgaz senagatyndaky ösüşler bilen daşary ýurt kompaniýalaryny, iri önümçilikleri, işewürleri, ylmy edaralary tanyşdyrmak, ulgamyň işindäki dünýä tejribesini özleşdirmek, önümçiliklere täze innowasiýalary ornaşdyrmak meselelerini seljermek we täze tehnologiýalary, hyzmatlary öwrenmek hem-de bu babatda pikir alyşmak maksady bilen ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» (OGT — 2020) XXV halkara forumy 28-29-njy oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde bolar. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek forum onlaýn ýagdaýda geçiriler hem-de paýtagtymyzdan dünýäniň onlarça ýurdunda alnyp görkeziler. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.
Habar berilmegine görä, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň türkmen ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylygyndaky duşuşyklary hem onlaýn formatda guralar.
Çykyşlaryň esasy temalary global we milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ýollary, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlary, Türkmenistanyň nebit we gazhimiýa pudaklarynyň geljegi hem-de beýleki möhüm meseleler barada bolar.
Teswirler