Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze, döwrebap ýyladyşhanalar hem şol sebitiň ilatynyň durmuş-hal ýagdaýynyň gowulanmagyna uly ýardam berýär. Bu ýerde täze iş orunlary döredilýär.
Ýurdumyzyň ilatyny tutuş ýylyň dowamynda gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Esasy bellemeli zatlaryň biri bolsa olaryň gurluşygyny ýerli telekeçilerimiz ýerine ýetirýärler. Ýyladyşhanalaryň ykdysady taýdan bähbitli tarapy bolsa ýokary girdejiligi, özüni ödeýiş möhletiniň çalt depginlerde bolmagy we düşewintlilik derejesiniň ýokary bolmagydyr. Bu ýagdaýlar bolsa telekeçilik işi bilen meşgullanýan taraplaryň esasy gyzyklanmasydyr. Pudakda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmgi we kärende gatnaşyklarynyň ýokary derejede guralmagy, olara berilýän ýeňillikleriň artdyrylmagy hem-de döwlet tarapyndan yzygiderli hemaýatlaryň berilmegi hususyýetçileriň işine bolan yhlasyny, höwesini artdyrýar we pudagyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň aýratyn uly goşant goşmagy bilen gurulýan ýyladyşhanalar milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ilerlemegine öz goşandyny goşýar.
Ekerançylyk pudagyny ösdürmeklik şol sanda ýerleriň hasyl berijiliginiň ýokarlandyrylmagy, onuň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrmagy, suwaryş ulgamynda suwuň aýawly peýdalanylmagy, ekinleriň görnüşleri boýunça onuň her gektara berilýän mukdarynyň dogry kesgitlenilmegi, ýerlerde agrotehniki çäreleriň wagtynda geçirmegi gazanylýan ykdysady netijelilikleriň ýokary bolmagyna uly ýardam berer. Bular bilen birlikde ekerançylyk pudagyna ýokary derejede maýa goýumlaryň çekilmegi alnyp barylýan önümçilikleri ýokary derejede guramaklyga giň mümkinçilikleri döreder. Maýa goýumlarynyň hasabyna bolsa ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmeklik pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokary bolmagyna getirer.
Hormatly Prezidentimiz “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr!” diýip, belläp geçmek bilen bu ugruň ösmegine aýratyn üns berýär. Çünki, bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde telekeçiligiň aýratyn uly orny bardyr.
Ýurdumyzda ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmek we onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreleriň hatarynda bolsa biziň Oba hojalyk uniwersitetimizde hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň ylmy esasy işleri içgin öwrenilýär. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen yzygiderli duşuşyklar we ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Şeýle çäreleriň yzygiderli ýola goýulmagy talyplayň dünýägaraýyşynyň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam berýär. Olar özlerinde galan ýiti täsirleri uniwersitetimize gelýän myhmanlar bilen paýlaşýarlar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Bekgylyç Agaýew
Teswirler