“Ýantar-Amber” daşynyň peýdalary

“Ýantar” diýilýän daş başgaça “Amber” diýlip hem atlandyrylýan sosna görnüşiniň galyndy görnüşindäki maddadyr. Açyk sarydan mämişi reňkde hem çykyp bilýän ýantar daşy, bir ýere gömülip goýulanda ownuk zatlary özüne çekip bilýän bejeriş daşlaryndan biridir.
Häzirki wagtda köp keselleri bejermegiň serişdesi hökmünde görülýän “Ýantar daşy” bilezik, halta ýa-da monjuk hökmünde ulanylýar; Gan aýlanyşyny çaltlaşdyrýanlygy sebäpli göwreli aýallar tarapyndan ýygy-ýygydan halanýan esbaplaryň arasynda.
Häzirki wagtda iň meşhur aksesuar görnüşi bolan ýantar şaý-sepleri, ulular, çagalar we bäbekler tarapyndan ulanylyp bilinýän gaty ajaýyp bejeriş daşydyr.
Immunitet ulgamyny berkitmäge hyzmat edýän “Ýantar” daşy, belli bir aralykdan, esasanam bäbejikleriň ulanmagy üçin amatly ideal garnituradyr.
Tomus aýlarynda has ileri tutulýan monjuk stilindäki aksessuar häzirki wagtda ulular we çagalar tarapyndan ýygy-ýygydan ulanylýar. Her ýyl bu ileri tutulýan modellere täzeleri goşulsa-da, meşhurlygyny ýitirmeýän ýantar monjuklar, daşky görnüşi monjuklara meňzeýän hem bolsa, bejeriş daşlaryndan durýar.
Adamlaryň arasynda şypa beriji diýlip bilinýän “Ýantar daş”, esasanam çaga diş çykarýan döwründe bäbekleriň diş agyrlaryny ýeňletmek arkaly eneler üçin halas ediji bolup hem kömek edýär. Agrylary köşeşdiriji serişde hökmünde hyzmat edýän ýantar daşlary Polşa, Gollandiýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň dermanhanalarynda “Ýantar diş monjuklary” hökmünde hem satylýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy
Akgül Baýlyýewa.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok