Wirtual serginiň mümkinçilikleri.

1-nji noýabrda Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan wirtual sergi açylyşy bolar.

Wirtual gezelençler, maglumatlary hödürlemegiň özüne çekiji we täsin usullarynyň birine öwrüldi. Olar bilen tomaşaçy, öýden çykmazdan muzeý dünýäsiniň çuňlugyna aralaşmaga mümkinçilik gazanýar.

Wirtual muzeýde, muzeý gaznasyndan başga-da medeni miras ýerlerine degişli köp zatlar ýerleşdirilip bilner. Wirtual gezelençleriň esasy artykmaçlygy, görkezilýän eksponatlaryň jikme-jik gözden geçirmäge bolan mümkinçiligi döredýänligidir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde şu ýylyň 1-nji noýabrynda açyljak wirtual sergisiniň taslamasyny taýýarlady. Bu barada TDH habar berýär.  

Elbetde wirtual sergileriň durmuşymyzde peýda bolmagy, öndürijilere öz önümlerini we hyzmatlaryny giň köpçülige tanyşdyrmaga uly mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan wirtual sergi uzak aralykdaky ulanyjylara gije-gündizleýin elýeterli bolar. Wirtual sergi gyzykly maglumatlar bilen üpjün ediler. Serginiň saýtyna girýänler awtomatiki ýagdaýda hasaba alnar, bu bolsa gyzyklanýanlaryň we görýänleriň statistiki hasabyny ýöretmäge mümkinçilik berer.
Şeýle wirtual sergileriň geçirilmegi işewürlik üstünlikleri görkezmek, netijeli mahabatlandyrmak, täze hyzmatdaşlary tapmak, täze şertnamalary baglaşmak, bazaryň ýagdaýyna baha bermek üçin oňat mümkinçilik bolar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Allanur Hojadow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok