Tropiki miweleri Türkmenistanda ýetişdirmek barada ylmy pikir alyşma geçirildi.

Geçen hepdäniň şenbe güni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de mugallymlaryň, talyplaryň arasynda “Tropiki miweleri” ýurdumyzda ýetişdirmek barada ylmy pikir alşyldy. Bu gezekki pikir alyşmada yssy we tropiki howa şertlerinde ösüp ýetişýän annanas we banan ýaly miweler barada bolup geçdi. Olaryň hersi barada aýratynlykda aýdyp geçenimizde:

Ananas – uzynlygy 1-1,5 metr, käte has uzyn we ýalpyldawuk ýaprakly, gysga kökli gurluşa eýe bolan miwedir. Miwe emele gelende 200-e çenli gül emele getirmek ukyby bar. Güller birleşip, ananasy emele getirýärler.  Täze görnüşde sarp edilýän bu tropiki miwe, bütin dünýäde diýen ýaly ulanylýar. Tutuşlygyna ýa-da dilimlenen görnüşde satuwda hödürlenýän bu miwe, miwe salatlarynda we kokteýllerde, şerbetli içgilerde ulanylýar. Şeýle-de ýogurt, jem we doňdurma üçin ulanylýan esasy tagam beriji miweleriň biridir.

Ananas häzirki wagtda Braziliýada, Flippinlerde, Taýlandda, Indoneziýada, Hindistanda, Hytaýda, Meksikada, Wýetnamda we başgada birnäçe döwlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Iň gowy ananaslar Kosta Rikada ösüp ýetişýär.

Banan – dünýäde iň köp sarp edilýän ösümlikleriň biridir. Munuň sebäbi, miwäniň ýokumly iýmit çeşmesi we köp witaminleri, beloklary, minerallary we aminokislotalary öz içine alýanlygydyr.

Peýdasy: Banan süňkleriň ösmegine kömek edýär, nerw gowşaklygyny we ýadawlygyny aýyrýar. Böwrek we bogun çişmegi şeýle-de içege kesellerinde peýdalydyr. Dowamly iç keselinden ejir çekýänler kän iýmeli däl. B1, B2, C, A we E witaminleri bolan banan kaliý, demir, kalsiý, fosfor, natriý we ýod ýaly minerallara hem baýdyr. Bananyň kaloriýa derejesi gaty ýokary bolsa-da, düzüminde hiç hili holesterin ýok. Onda ýürek myşsalaryny gowulandyrýan natriý we kaliý maddalary bar.

Banan ösümliginiň uly gülleri bolup, boýy 7,6 metre ýetip bilýär. Ýapraklarynyň uzynlygy 2,7 ​​metre, ini 60 sm bolup ýetýär.

Türkmenistanda günde 40 tonna banan sarp edilýär. Bananyň ýetişýän ýerleri arzan hem bolsa, logostika çykdajylary we getirmek üçin sarp edilýän wagt ýokarlanýar. Banany 60 gün maksimum saklap bolýar. Şol sebäpli gökje wagty ýygylyp gaplanýar we ugradylýar. Türkmenistanda sarpedijileriň islegini kanagatlandyrmak üçin ýerli telekeçiler hem banan ýetişdirip başlady. Ýerli öndürilýän banalar Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan döwletlerine-de eksport eksport edilýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Begenç Weliýew.

Şeýle-de okaň:
Papaýa we Banan agaçlaryny köpeltmek meselesine garaldy
Injir agajynyň ekilşi barada pikir alyşma geçirildi
Dermanlyk ösümlikler barada ylmy pikir alşyldy
Eksport potensiýaly – azyk bolçulygynyň habarçysy
Oba-hojalygyna zyýansyz möjejikleri köpeltmeli

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok