Seýrek duş gelýän äpet kädiler

Wekilbazar etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň geografiýa mugallymy Amanmyrat Ýamadow öz esasy işiniň daşyndan ýurdumyzyň çar künjegine syýahat edip, milli medeni mirasymyzy, tebigatda seýrek duş gelýän täsin we dermanlyk häsiýeti bolan ösümlikler barada maglumatlary toplaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýakynda bu mugallym Wekilbazar etrabynyň Rysgally geňeşliginden Saryja Rahymowyň mellek ýerinde ýetişdiren äpet kädileriniň birini görkezdi. Baýry mugallymyň aýtmagyna görä, Saryja aga bary-ýogy 4 sany kädi biýarasyndan 100 töweregi kädi alypdyr. Onuň ýetişdiren äpet kädileriniň ortaça agramy 22,5 kilogramdan 25 kilograma, boýy hem 72 — 80 santimetre deň.

Remezan Pirkulyýew,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok