Durmuşymyzda giňden ornan bir gezek ulanylýan plastik önümleriň daşky gurşawa ýetirýän zyýany baradaky mesele anyk hereketlerde öz beýanyny tapyp başlady. Şu ýylyň awgustynda Çilide plastik paketler bölek satuwdan aýrylan bolsa, Angliýada oktýabryň başyndan bir gezek ulanylýan plastik önümleri satmak baradaky gadaganlyk güýje girdi. Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde bolsa şu ýylyň başyndan şeýle önümleri ulanýanlara jerime salynýar.
Kanadada hem bu ugurda ilkinji ädim ädildi. Ýurduň çäginde-de bir gezek ulanylýan plastik önümlere çäklendirmeleri girizmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Kanadanyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça ministri Jonatan Wilkinson mälim etdi. Geljek ýylyň ahyryna çenli durmuşa geçiriljek meýilnamada azyk dükanlarynda satylýan bir gezek ulanylýan plastik paketlere, içgileri garyşdyrmak üçin çöplere, bir gezek ulanylýan dürli plastik gaplara gadaganlyk girizmek bellenilýär. Ministriň pikiriçe, bu çäre 2030-njy ýyla çenli ýurdy ekologiýa taýdan zyýanly bolan plastikden bütinleý daşlaşmak baradaky meýilnamanyň bir bölegidir. Hut häzirki günde ýurduň birnäçe sebitlerinde we etraplarynda bir gezek ulanylýan plastik paketlere gadaganlyk girizildi. Täze ýylyň başyndan Wankuwerdir Monrealda hem plastik paketleriň ähli görnüşlerini gadagan etmek bellenilýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Rejepmuhammet Rejepow,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler