Gorag serişdeleri öndürilýär

Daşoguz şäherindäki «Türkmendermansenagat» birleşiginiň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda häzirki döwürde howanyň düzümindäki adam bedenine zyýanly tozan bölejiklerinden goranmak üçin bäş gatly agyz-burun örtükleriniň, gorag eşikleriniň, lukmançylyk halatlarynyň öndürilýän möçberi ep-esli artdy. Bir günüň dowamynda agyz-burun örtükleriniň 6 müňi öndürilýär. Häzirki wagtda kärhanada ini 1 metre, uzynlygy hem 100 metre barabar bolan sargy serişdeleriniň täze görnüşlerini öndürmek hem ýola goýuldy. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen kärhana boýunça şu ýylyň başyndan bäri ynsan saglygyny goramaga niýetlenen 25 görnüşli önümleriň 8 million manatlykdan gowragy öndürildi. Karhananyň ýokary hilli önümleriň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.

Berdimyrat Weliýew,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok