At çapyşygy möwsüminiň nobatdaky çapyşygy geçirildi

Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ikinji çapyşygy geçirildi. At çapyşygy tebigatyň we ata-babalarymyzyň döreden bu ajaýyplygyna goýulýan hormatyň egsilmeýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. At çapyşygy bäş tapgyrdan ybarat bolup, oňa üç, dört we uly ýaşar atlaryň otuzdan gowragy gatnaşdyryldy. Daşoguzyň döwlet athanasyna, welaýatyň edara-kärhanalaryna hem-de hususy hojalyklara degişli atlar biri-birinden ýüwrük çykyp, aýlawlarda özleriniň ýyndamlyklaryny görkezdiler. Pellehana ilkinji gelen behişdi bedewlere halat-serpaýlar ýapylyp, ezber çapyksuwarlara gymmat bahaly sylaglar gowşuryldy. Tebigy gözellige beslenen at çapyşygy köp sanly tomaşaçylar üçin ýatda galyjy pursatlara öwrüldi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gyzgalaňly dowam edýän at çapyşyk möwsüminiň welaýatda geçirilen ýaryşynyň birinji çapyşygynda Berdi Durdybaýewiň «Gülçemen» diýen hojalyk aty pellehana ilkinji bolup geldi. Ussat seýis Aşyrdurdy Garýagdyýewiň seýislän, çapyksuwar Serdar Çörliýewiň ezberlik bilen çapan ýelden ýyndam bu gara dor gysragy 1200 metr aralygy 1 minut 20 sekuntda geçmegi başardy. At çapyşygynyň beýleki tapgyrlarynda hem çapyksuwarlaryň erjelligi, atyň jylawyna başarjaň erk edişleri üç müň tomaşaçy orunlyk topluma ýygnanan janköýerleriň «berekellalary» bilen mübäreklendi.

Kuwwat Gölliýew,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok