Ak jöwen barada

Biziň ýurdumyzda iň köp ekilýäni dört we alty aýlyk ak jöwenlerdir. Alty aýda bişýän jöwen mart-aprel aýlarynda, dört aýda bişýäni iýun aýynda ekilýär. Bugdaý orlandan soňra ekilýän dört aýlyk jöwen güýzde ýene-de bugdaý ekilýänçä doly bişip ýetişýär.
Ata-babalarymyz ak jöweni keşläp, joýalap eker ekenler. Sebäbi jöwen ösüp boýuny alansoň, ýeliň badyna ýykylmazlygy üçin, keşiň gumuny jöweniň düýbüne basypdyrlar. Şunda jöwen näçe uly baş bolsa-da ýykylmandyr. Ýogsam jöweniň her başynyň agramy bir kilograma çenli bolupdyr. Jöwenleri ýetişdirmegiň hem özboluşly agrotehniki kada-düzgünleri bar. Ekilenden soň, 40 güne çenli suwarylmaýar. Şu döwürde ol özüniň ýere uran ak damaryny berkidýär.
Jöwen ösümligi ösüş döwründe örän köp ýokumlary, minerallary talap edýär. Şonuň üçin çüýrän dersi mineral dökünler bilen garyp berseň, jöwen gününi sanap ösüberýär. Suwdan, dökünden «gysylmadyk» jöweniň başy-da uly bolýar. Başdaky däneler dykyz we agramly gelýär.
Her dänesi mäş ýaly ak jöweni alaga-da degirmenden geçirseň, seçelenip duran gyzgylt reňkli un emele gelýär. Ondan bişirilen çörege ene-mamalarymyz «zagara» diýip, at beripdirler. Zagara çöregi, edil çowdary çöregi ýaly, melhemlik häsiýete eýe bolmak bilen, ol köp dertleriň dermany hasaplanýar. Ol süýji keselli adamlar üçin iň gowy berhizlik iýmitdir. Gan basyşy ýokary bolan adamlar hem zagara çöreginden haýyr tapýarlar. Eždatlarymyz jöweniň şeýle zerur melhemlik häsiýetiniň ýokarylygy üçin ondan dürli tagamlary taýýarlapdyrlar. Jöwen degirmenden geçirilende, ony un etmän, diňe ýaryp, üç-dört bölek bolansoň, degirmenden çykaryp ýarma, köje, bulamak ýaly tagamlary taýýarlapdyrlar. Ýarmany suwa gaýnadyp bişirseler, köjäni ýagly çorbada gaýnadyp, taýýar bolandan soňra, üstüne süýt, çekize ýaly önümlerden goýup, saçaga äberipdirler. Bu bolsa onuň tagamyny has-da artdyryp, işdäaçyjylyk häsiýetini güýçlendirýär. Jöweniň ýarmasynyň ýagy özüne gowy siňdirýänligi üçin, oňa köplenç guýruk ýagyny goşupdyrlar.
Öz döwründe iýmit önümleriniň tehnologiýasy boýunça birnäçe ylmy işleri ýazan we häzirki wagtda Kerki şäherinde ýaşaýan tejribeli aşpez Çary Rozymyradow türkmeniň jöwenden taýýarlaýan tagamlarynyň sanynyň 30-a golaýdygyny aýdyp, olary bişirip saçaga äbermegiň ähli düzgünlerini öwredýär. Şäherdäki hünärment mekdebinde mugallym bolup işleýän tejribeli aşpezden hünär öwrenýän ýaşlaryň birnäçesi bolsa eýýäm şeýle tagamlary taýýarlaýan naharhanadyr kafeleriň işini ýola goýdular. Şonuň üçin ak bazarlarymyzda ak jöwen iň bir geçginli haryda öwrüldi.
Bu ýagdaý şu ýyl Lebap welaýatynda jöwen ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň-da artmagyna getirdi. Aýratyn-da, Çärjew, Saýat, Halaç etraplarynda ekilen jöwenli meýdanlaryň möçberi müňlerçe gektara ýetýär. Daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşyp, aralyk ekinleri ekýänler jöweniň peýdaly ekindigine indi gowy göz ýetirdiler. Jöweniň baldagy-da — mallar üçin iň bir ýokumly. Tejribeli mülkdarlar ýörite mehanizmleriň kömegi bilen jöweniň heniz baldagynyň gök mahaly dogradyp, silos garyndysyny taýýarlaýarlar. Jöwen ekilen meýdanyň topragynyň düzümi-de baýlaşýar. Sebäbi jöweniň köki-de, edil ýorunjanyň köki ýaly, birnäçe minerallary özünde jemleýär. Güýzde şol ýere bugdaý ekilende, şol minerallar bugdaýyň kök-damar ulgamyna geçýär we gyşda bugdaýyň gowy penjelemegini üpjün edýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Rasul Rasulow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok