Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi agyz-burun örtügi dakynmagy maslahat berip SMS iberdi

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna agyz-burun örtügini dakynmagy maslahat berýän köp sanly SMS hatlaryny iberdi.

Bu hatda şeýle diýilýär: «Hormaltly adamlar! Saglygyňyzy berkitmek üçin, agyz-burun örtügi dakynmak, köpçülik ýerde aralygy 2 metr saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär. TSG we DSG».

Ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda birnäçe wagtlaýyn çäklendirmeler girizildi: daşary ýurt howa gatnawy, otlylaryň we şäherara awtobuslaryň hereketi, metjitleriň, naharhana kärhanalarynyň we söwda bazarlarynyň işi togtadyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok