Şu ýylyň 1-nji noýabrynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, taýýarlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisi açylar.
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual diwarlyklar, şeýle hem umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi adamlara çäk taýdan uzak aralykda ýerleşmegine garamazdan, olara gyzyklandyrýan maglumatlaryny gije-gündiziň dowamynda almagyna mümkinçilik berer. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň saýtlarynda elektron poçtanyň salgylary, telefon belgileri we beýleki salgylanmalary ýerleşdiriler.
Häzirki wagtda wirtual diwarlygyň ýöriteleşdirilen maglumatlar bölümlerinde gatnaşyjylaryň önümleri we hyzmatlary ýerleşdirildi. Olar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler. Serginiň saýtyna girýänler awtomatik ýagdaýda bellige alynýar, bu bolsa gyzyklanma bildirýän taraplaryň sanyny bilmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Wirtual sergi» taslamasynyň amala aşyrylmagy gazanylan işewür üstünlikleri görkezmek, netijeli mahabat işi, täze hyzmatdaşlary tapmak usuly, täze şertnamalary baglaşmak, bazaryň ýagdaýyna baha bermek, onda öz ornuňy kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolar. Şonuň üçin şeýle sergileri Türkmenistanda giňden ornaşdyrmak üçin innowasion tehnologiýalary we nou-haulary zerur boldugyça işjeň çekmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy
Ogulnyýaz Babaýewa.
Teswirler