Türkmen ertekileriniň web sahypasy açyldy

Türkmenistanda açylan türkmen ertekileriniň web sahypasy internet ulanyjylarna ertekileri onlaýn okamaga mümkinçilik berýär. Bu barada Türkmenportal habar berýär.

«tasinhorjun.org» saýty ýaş ulanyjylaryň türkmen halkynyň medeni mirasynyň bir bölegi bilen tanşyp biljek elektron ýygyndydyr.

Sahypada häzirki wagtda 40-dan gowrak erteki bar, ýöne ol yzygiderli täzelenýär.

Sahypadaky ertekiler halk we ýazyjylar tarapyndan döredilen iki bölüme bölünýär. Ýazyjynyň ertekileri bölüminde Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow, Kaýum Taňrygulyýew, Kerim Gurbannepesow ýaly meşhur türkmen kyssaçylarynyň eserleri görkezilýär. Şeýle hem saýtda ertekiler boýunça bilimiňi synap bilýän synag bölümi bar.

Ertekiler reňkli suratlar bilen görkezilýär, duş gelýän arhaizmler düşündirilýär.

Ertekileri onlaýn görnüşde hem okap bolýar we enjamyňyza pdf görnüşinde göçürip alyp bolýar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok