Täsirli geçen wagyz-nesihat çäresi

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Kämil maşgala jemgyýetimiziň we döwletimiziň baýlygydyr” atly wagyz-nesihat çäresi uniwersitetiniň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirildi. Çärede çykyş edenler maşgalanyň jemgyýetde tutýan orny, maşgalanyň maşgala bolmagy ugrunda ata-babalarymyzdan döwam edip gelýän weçýetleriň ähmiýeti, ene-mamalarymyzyň öwüt-ündewleri, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde nakyllardyr, rowaýatlaryň ähmiýeti dogrusynda durmuşdan alnan mysallaryň üsti arkaly talyp gyzlara giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da gyz edebi, ahlak kadalary dogrusynda gürrüň etmek bilen, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň medeniýeti, arassaçylyk kadalary, agyz-burun örtüklerini dogry geýmek we peýdalanmak barada hem maslahatyň dowamynda durlup geçildi.

Şeýle hem 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gurnamagynda “Senet – eliň altyn bilezigi” atly sergi bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Bu bäsleşigiň Baş baýragyna S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň 3 ýyl talyby Mämmetmuradowa Gülälek eýe boldy. Ol uniwersitetde hereket edýän “Halyçylyk gurnagynda” dokan halylary bilen bu bäsleşige gatnaşdy.

S.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň ilkinji
Zenanlar guramasynyň başlygy,
uly mugallym Gülnar Ahmedowa.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok