Saglyk iň uly baýlyk

Bu ýyl bu sene dünýäde koronawirus keseliniň öňüni almak barada aýratyn tagallalaryň edilýän döwrüne gabat geldi. Elbetde, adamlaryň saglygynyň her bir ýurduň esa­sy gym­mat­ly­gy bo­lup durýandygy üçin ynsan sag­ly­gyny go­ra­mak islendik döwürde-de, şol sanda häzirki günde hem aýratyn uly ähmiýete eýe bolmagynda galýar. Sag­ly­gyň iň uly baýlykdygy nazarda tutulyp, dün­ýä­de en­çe­me baý­ram­çy­lyk­lar we bel­li se­ne­ler dö­re­di­lip­dir. Şo­la­ryň bi­ri-de Eli­ňi ýuw­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­nü­dir. Bu hal­ka­ra se­ne Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­lip, her ýy­lyň 15-nji okt­ýab­ryn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Il­ki­baş­da ol BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Sa­ni­ta­ri­ýa ýy­ly­na ba­gyş­la­nyp­dy.
Bu mö­hüm se­ne ýu­wul­ma­dyk el­le­riň howp­ly ke­sel­le­re se­bäp bo­lup bil­jek­di­gi­ni ýat­la­dyp durýandygy üçin häzirki günlerde hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Eli­ňi sabynlap gowy edip ýuw­mak, dür­li ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Luk­man­laryň berýän maslahatlaryna görä, eli­ňi na­har iý­mez­den we taý­ýar­la­maz­dan ozal, je­mgy­ýet­çi­lik ula­gyn­dan dü­şeniň­den soň, pul el­läniň­den soň, da­şar­dan öýe ge­leniň­de we haýsydyr bir sebäp bilen eliň hapalananda ýuwmak dürli keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.

Jennet Rejepowa,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok