Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda halkymyzyň ýokary hilli una we çörek önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda özara düşünişmek hakynda uzak möhletleýin Ähtnama baglaşyldy. Onuň esasynda häzirki wagtda ýurdumyzda ýokary we birinji hilli bugdaý uny peýdaly «Premiks» azyk goşundysy bilen baýlaşdyrylýar. Ol foliý turşusynyň we demir sulfatynyň garyndysyndan durýar.
Türkmenistanda obasenagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, pudagyň ähli ulgamlaryna iň öňdebaryjy tehnikalary giňden ornaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.
Şemşat Myradowa,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler