Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ýurdumyzyň günbatar sebitiniň Türkmenbaşy etrabyndaky Balkan Kän müdirliginiň hünärmenleri geçen hasabat döwründe magdan däl materiallary hem-de gurluşyk serişdelerini öndürmegiň meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Has takygy, dokuz aýda müdirlik boýunça 19 million 761 müň manatlyga derek 22 million 475 müň manatlyga barabar senagat önümleri öndürilip, bellenilen meýilnama 113,4 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň 18 million 407 müň manatlykdan gowragy magdan däl we 4 million 67 müň manatlykdan gowragy gurluşyk materiallarydyr.
Welaýatyň etrapdyr şäherlerde, oba-şäherçelerde alnyp barylýan dürli maksatly binalary ýokary hilli gurluşyk serişdeleridir magdan däl materiallar bilen bökdençsiz üpjün etmekde hem Balkan Kän müdirligi saldamly işleri bitirýär. Has takygy, öňdebaryjy kärhanada şu ýylyň geçen hasabat döwründe 1 million 937 müň kub metre golaý magdan däl materiallar taýýarlanylyp, bellenilen meýilnama 101,6 göterim amal edildi. Şonuň ýaly-da, dürli gurluşyk serişdeleriniň 148,2 müň tonnasy taýýarlanyp, degişli nokatlara ugradyldy. Müdirlikde diwara örtülýän materiallary taýýarlamakda hem öwgä mynasyp işler bitirilýär. Has takygy, gürrüňi edilýän döwürde bu önümi taýýarlamagyň meýilnamasy 117 göterim amal edildi. Müdirlikde we onuň önümçilik düzümlerinde öndürilýän önümler diňe bir Balkan welaýatyna däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerine polat ýollar arkaly yzygiderli ugradylýar.
Kasym Ýowbagşyýew,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler