Köýtendagda gar ýagdy

«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen habara görä, Köýtendagda ýurdumyzyň iň beýik dag belentligi bolan Aýrybabada (deňiz derejesinden 3139 metr beýiklikde) sentýabr aýynda gar ýagdy. Bu garaşylmadyk waka bolup, adatça bu ýakalarda güýzüň ahyrynda gysga möhletli gar ýagardy. Umuman, ýerli ýaşaýjylara doly bolmadyk bir aýyň içinde seýrek duş gelýän bu tebigy hadysany ­— irki ilkinji gary haýran galyp synlamaga mümkinçilik döredi.

Dag şertlerinde mal bakýan çarwalar 17-19-njy oktýabr aralygyndaky günlerdäki howa şertleri nazara alyp, geljekki ýaza çenli howanyň neneňsi-nähili boljakdygyny çaklap bilýärler. Çarwa hasabyna görä, eger şol günler dagda we dag eteklerinde ygal düşse, gyş çygly, ýaz ýagynly bolýar.

Köýtendagly ýaşulular dagda ýagan irki garyň dowamly we aňzakly gyşy aňlatman, tersine, 20-nji oktýabrdan öň Aýrybabada peýda bolan ak garyň aýazsyz gyşy wada berýändigini çaklaýarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok